AKMAK EŞEK

Awtor: Kaýum Taňrygulyýew
Illýustrator: Rahman Rahmanow
103
~ 6 min.
 Dostlaryna diýdi eşek:
– Tilki ile boldy gülki.
Ählimizi aldaýar ol,
Şeýle bormy başlyk halky?
 
Ynha, görüň, köpimizi
Agyr işde gynap gelýär.
Sözleri ýer tutmaz diýip,
Barymyzy synap gelýär.
 
Şeýdip öňki başlygyndan
Eşek gaty nalaýardy.
Özün ilden dana saýyp,
Başlyklygy halaýardy.
 
Ynha, bir gün üýşüp geldi
Hem öýdeçi,
Hem düzdeçi.
Ganatlymy, ganatsyzmy,
Ýygnanyşdy uly-kiçi.
 
Öküz öňün başlap geldi.
Zemzen çişip, haşlap geldi.
Düýe bolsa öz maýdalna
Seýkin gadam taşlap geldi.
 
Dişin çalyp, geldi möjek,
Bilbil ajap saýrap geldi.
Sübse ýaly guýrugyny
Tilkem ýere süýräp geldi.
 
Altyn kekeç horaz bilen
Dyk-dyk edip, towuk geldi.
Eşek arlap aňňyrdy-da,
Ýüzün kese sowup geldi.
   
Tikinçimiz kirpi geldi.
Goýun bolsa mäläp geldi.
Pyşdylbaga ýollaryny
Uzak görüp, nalap geldi.
 
  Täze boljak başlyk hakda
Gürrüň boldy o ýygnakda.
Düýe hemmäň ünsün çekip,
Söz sözledi örän ökde:
 
– Makullaýas eşek dostuň
Bize başlyk boljagyny.
Ýöne ykjam ynandyrsyn
Köpe gulak saljagyny.
 
Eşek diläp söz aldy-da,
Şeýle diýdi tiz galdy-da:
– Her bir işi ählijämiz
Maslahatly çözeris biz.
Baryňyza söz berýärin,
Agzybirje gezeris biz.
 
Öňi bilen paýlajak men
Hemmäňize deňje käri.
Ýogsa biri agyr işde,
Ýeňil işde – başga biri.
 
Öküziň köp çekýän derdi,
Ol kän işläp näme gördi?
Öküze-de ýeňil bir iş
Berläýse-hä gowy bordy.
 
Azap çekýär garynja-da,
Köp işledi, dynç alaýsyn.
Olam ýeňil işe geçip,
Degme, biraz ynjalaýsyn.
Başga aýdara söz ýok mende,
Goý, geplesin bar jemende.
 
Pyşbaga söz alyp diýdi:
– Kim kärini söýer onda?
Biziň ýaly güýji asgyn
Jyzzyk ýaly köýer onda.
 
Towuk galyp diýdi: –  Ýok, ýok,
Eşek, munyň asyl bolmaz.
Kärlerini çalşaýsaň-a
Hiç biri-de işläp bilmez.
 
Öküz diýdi: – Gaty bolar!
Işlemejek bolýar bular.
Bir-biriňiz öwüp durmaň,
Sözi kesä sowup durmaň.
Besdir indi, işlesin-dä
Pyşbagadyr towuk durman.
 
Kim işleýär düýe ýaly,
Hiç kim ýokdur, gözläp durmaň.
Işsiz gezmäň gamyn iýip,
Uzyn-uzyn sözläp durmaň.
 
Eşek laňňa galdy ýerden:
– Öküz, sen dawany goý-la.
Jedelleşip durmaň indi,
Bessir, günem boldy öýle.
 
Sakçy goýýas garynjany,
Gorasyn ol ýorunjany.
Pyşbaga-da däne çeksin,
Towuk gidip ekin eksin.
 
Çalyşýaryn menem käri,
Indi özüm tikjek tikin.
Kirpi gidip meň ýerime
Atyzlara döksün dökün.
 
Iň köp işlän ýoldaşymyz
Düýäni-de saýradalyň.
Şu ýygnagyň kararyny
Bar jandara ýaýradalyň!
 ***
 
Işe bardy pyşdylbaga,
Geldi däne çekişmäge.
Pyşbaga bir gap bugdaýy
Guma bulap, süýräp gitdi.
 
Kä gar, käte ýagyş ýagyp,
Ak bugdaýlar çüýräp gitdi.
Eltýänçä aý, hepde geçdi,
Belki, ondan köp-de geçdi.
 
Işe gitdi garynja-da.
Baryp görse, ýorunjada
Otlaşyp ýör goýun, geçi...
Çäresi nä o biçäräň,
Güýji asgyn, özi kiçi.
 
Towuk ekin ekip bilmän,
Boýunjygyn buruberdi.
Arabany çekip bilmän,
Kirpijik-de duruberdi.
 
Görgä galdy eşek başlyk
Tutup bilmän iňňeleri.
Tabşyrmaga mejbur boldy
Kärin kirpi ýeňňelere.
 
Näme jogap okaýarka
Indi eşek öňňelere.