Bir alma ber, jokjoky, Hezil edip iýeýin. Doýaýyn-da almadan Saňa sagbol diýeýin. – Bar, öz işiň bilen bol, Alma entek bişenok, Ýalbaryp hem oturma, Menden saňa alma ýok.
Towşanjygy kowdy ol, Turzup alagykylyk. Hepde, on gün geçensoň, Uçup geldi käkilik.
Çüňkün ýere urdy-da, Şeýle diýdi käkilik: – Jokjoky jan, jokjoky, Hol gün etdim çakylyk.
Gelmediň sen toýuma, Berjekdim men arpagan. Almaň kemsiz bişipdir, Birjigini ber, dogan.
Diýdi oňa jokjoky: – Alma entek bişenok, Ýalbaryp hem oturma, Menden saňa alma ýok!
Okly kirpi barýarka Almalara esetdi. Begenjinden bökjekläp, Jyk-jyk edip ses etdi.
– Aý, jokjoky, almadan Garnymy bir doýur sen. Alma iýip doýamsoň, Işiň bolsa, buýur sen.
Açja gezdim iki gün, Dilim barman diýmäge. Gawun-garpyz gutardy, Çigidem ýok iýmäge.
– Özüm iýjek bişensoň, Enteg-ä ol gök, kirpi! Bar, ýoluňdan galma sen, Saňa alma ýok, kirpi!..
Ir-iýmişler bar ýerde Bireýýäm çak sowuldy. Alma meýil edenler Şeýdip bir-bir kowuldy.
Alma bermän gelene, Gorap gezdi jokjoky. Almasyny taryplap, Heň hem düzdi jokjoky.
Misli nar dek gyzaryp, Kemsiz bişdi almalar. Ilkinji ýel turanda, Paýrap düşdi almalar.
Haýwanlar, guş-gumrular Şonda üýşüp geldiler. “Gidip, alma iýeliň, Ýörüň” diýşip geldiler.
Almalary gördüler Bagyň içine girip, Haýsysyny gozgasaň, Ýa myssaran, ýa çüýrük.
Ähli üýşüp gelenler Gazap donun geýdiler: – Munuň ýaly gysganja Geregem şol – diýdiler.
Diňle, tentek, sen bize Bir alma-da bermediň! Şeýdibem-ä özüň hem Hözirini görmediň.