JOKJOKY

Awtor:
Illýustrator: Rahman Rahmanow
211
~ 5 min.
 



Haýran  edýär öteni
Belent dagyň etegi.
Kändi onda guşlaryň
Höwürtgesi-ýatagy.
 
Agzybirdi haýwan-guş,
Bir-birini söýýärdi.
Näme tapsa, barysy
Deň paýlaşyp iýýärdi.
 
Emma gara jokjoky
Bar guşlardan aýrady.
Ýeke otlap, suw içdi,
Ýeke gidip saýrady.
 
Bir düýp almaň daşynda
Ol jokjoklap gezýärdi.
Almalary hiç kime
Bermän, saklap gezýärdi.
 
Bişsin diýip mazaly
Iýdirmedi hiç guşa.
Tomus geçip, güýz geçip,
Gadam basypdy gyşa.
 
Bir gün geldi towşanjyk
Duýup almaň bişenin.
Eşden eken bir almaň
Pötläp ýere düşenin.
 
Towşan diýdi: – Jokjoky,
Dogan, gyrtyç, ýowşan ýok!
Uzyn günläp aç gezýän,
Içime zat düşenok.
 
Rehmiň gelsin halyma,
Beräýsene almadan.
Ýogsa gurbum çatmaýar
Bökere şu salmadan.
 
Bir alma ber, jokjoky,
Hezil edip iýeýin.
Doýaýyn-da almadan
Saňa sagbol diýeýin.
– Bar, öz işiň bilen bol,
Alma entek bişenok,
Ýalbaryp hem oturma,
Menden saňa alma ýok.
 
Towşanjygy kowdy ol,
Turzup alagykylyk.
Hepde, on gün geçensoň,
Uçup geldi käkilik.
 
Çüňkün ýere urdy-da,
Şeýle diýdi käkilik:
– Jokjoky jan, jokjoky,
Hol gün etdim çakylyk.
 
Gelmediň sen toýuma,
Berjekdim men arpagan.
Almaň kemsiz bişipdir,
Birjigini ber, dogan.
 
Diýdi oňa jokjoky:
– Alma entek bişenok,
Ýalbaryp hem oturma,
Menden saňa alma ýok!
 
Okly kirpi barýarka
Almalara esetdi.
Begenjinden bökjekläp,
Jyk-jyk edip ses etdi.
 
– Aý, jokjoky, almadan
Garnymy bir doýur sen.
Alma iýip doýamsoň,
Işiň bolsa, buýur sen.
 
Açja gezdim iki gün,
Dilim barman diýmäge.
Gawun-garpyz gutardy,
Çigidem ýok iýmäge.
 
– Özüm iýjek bişensoň,
Enteg-ä ol gök, kirpi!
Bar, ýoluňdan galma sen,
Saňa alma ýok, kirpi!..
 
 
Ir-iýmişler bar ýerde
Bireýýäm çak sowuldy.
Alma meýil edenler
Şeýdip bir-bir kowuldy.
 
Alma bermän gelene,
Gorap gezdi jokjoky.
Almasyny taryplap,
Heň hem düzdi jokjoky.
 Misli nar dek gyzaryp,
Kemsiz bişdi almalar.
Ilkinji ýel turanda,
Paýrap düşdi almalar.
 
Haýwanlar, guş-gumrular
Şonda üýşüp geldiler.
“Gidip, alma iýeliň,
Ýörüň” diýşip geldiler.
 
Almalary gördüler
Bagyň içine girip,
Haýsysyny gozgasaň,
Ýa myssaran, ýa çüýrük.
 
Ähli üýşüp gelenler
Gazap donun geýdiler:
– Munuň ýaly gysganja
Geregem şol – diýdiler.
 
Diňle, tentek, sen bize
Bir alma-da bermediň!
Şeýdibem-ä özüň hem
Hözirini görmediň.