KIRPIJIK

Awtor: Kaýum Taňrygulyýew
Illýustrator: Rahman Rahmanow
220
~ 11 min.

Tomus günleridi. Oglanlar bolup top oýnaýardyk. Topumyz bökjekläp, bir sapar ýola, bir saparam togalanyp, atyza girýärdi. Döwlediň depen topy çöplüge girip gitdi. Men onuň yzyndan ylgadym. Diňe topa seredip barşyma, gumak ýerde ýatan kirpijigi tasdan basan ekenim. Ol enesini tapman, ýeke galan bolarly.

– Kirpi tapdym! – diýip gygyrdym-da, topy yzyna okladym.

– Hany, Azat, kirpi nirede? – diýşip, çagalar ylgaşyp geldiler.

– Meniň kirpim! – diýip, emaý bilen ony ýokaryk galdyrdym.

Kirpi edil top ýaly togalanyp, ýygrylyp ýatyrdy. Endam-jany tiken bolansoň, kellesem, aýaklaram görünmeýärdi.

– Beý, munuň tikenlerem ýumşajyk eken – diýip, Hojamyrat oglanlara seretdi.

– Kirpijik ýuwaşja ýaly, ýogsam tys-tyslap ses ederdi – diýip, Jemile onuň tikenlerini elleşdirdi.

 Kirpini elime aljak bolanymda, ol hysylap, tikenlerini hüžžertdi.

– Azat, goýber ony, gitsin, ýogsam Oraz aga käýýär – diýip, Hojamyrat öňe ýöredi.

– Kakam haýwanlary gowy görýär, muny ekdi ederis – diýip, men kirpijigiň kellesini ýuwaşlyk bilen güne tarap bakdyryp goýdum.

Ol ilki burnuny, soňra aýajyklaryny çykardy. Kirpijik hys-hys edip ysyrganan ýaly etdi-de, otluga garap ylgap gitdi. Onuň yzyndan ýetip, elime alsam, kirpi gaharlanyp, tys-tyslap ses etdi. Ýumak ýaly ýygrylyp ýatan kirpijigi iki aýamda göterip, öýe alyp gaýtdym. Gapydan girenimde, ilki duşan kakam boldy. Ol kirpijigi synlady:

– Ýaşajyk eken. Gör, tikenlerem heniz ap-akja. Oglum, hany, goýberip göreli bakaly – diýip, kakam kirpini pola goýberdi.

Kirpijik gelen ýeriniň däldigini derrew aňdy öýdýän. Eýläk-beýläk ylgap, ysyrganyp ugrady. Biz kirpijigiň gören zadyny ysgap ýörşüni synlap, ol ajygandyr öýtdük. Oňa süýt, et, oduk-buduk berip ugradyk. Käsejikde suw goýduk. Birbada o zatlardan iýip-içjek bolmady.

Kakam bilen maslahatlaşyp öýe kiçijik çelejik getirdik. Ony gapdal ýatyryp, içine çäge dökdük. Üstündenem çaýyr düşedik. Asty, üsti, üç tarapy ýapyk ýumşajyk öý boldy duruberdi. Kirpijigi öýüne saldym-da, oýnamaga gitdim. Soňra gelsem, goýan iýmitlerimi azaldypdyr, suwam içipdir.

Kirpi gaty çalt öwrenişýän eken. Men bir gün kirpijigi tutup, emaý bilen burnuny, maňlaýyny sypaladym. Ol gulajyklaryny hekgerdip, kellesini ýere goýup, aýaklaryny gapdala ýazyp, hezil edip ýatdy. Men kirpijigiň ys alşyna-da haýran galdym. Biz üýşüp nahar iýip başlasak, ol ýüwrüp ýanymyza gelýär. Onuň okarajygyna sähelçe et, mesge, käte süzme, çörek atýaryn. Derrewjik iýip gutarýar.

Onuň ys alşyny kän synladym. Burunjygyny ys gelýän tarapa tutup, çalt-çaltdan dem alýar. Almany, pomidory gapdalymda goýsam, derrew tapyp iýýär. Etjagazy burnuna ysgadyp, ýokary galdyrsaň, şony aljak bolup her hili oýunlar edýär.

Bir günem agşamlyk palaw iýdik. Ýaňy uka gidenimde, elimi bir zat dişleýän ýaly boldy. Görsem, kirpijik eken. Ertir kakama gürrüň berdim.

– Eliňi ýuwman ýatansyň, köşek! – diýdi.

Pikirlenip görsem, kakamyň diýeni dogry bolup çykdy. Kirpijigim ýagyň ysyny alyp, gelibem elimi dişläpdir. Ys bilmeden başga-da kirpem beýleki jandarlar ýaly gündiz uklaýar. Gije bolsa gezmäni gowy görýär, aw edýär. Saçakçynyň dagy diwara dyrmaşany bolaýmasa, gördügi sypdyrmaýar.

Kirpiniň birem pişik gyr-jyny eken. Olam diňe agaja çykyp gutulýar. Hawa-da tikenden gorkmaýan barmy. Ol gaharlanyp, tikenlerini batyrsa, hezillik tapmarsyň, kirpijige-hä etjek zadyň ýok.

Bir gün men kirpijigimi daşaryk alyp çykdym. Ol ilki güneşje ýerde birsalym uklady. Soňra turup gerindi, pallady, burunjygyny ýokary-ýokary tutup ys aldy. Turdy-da, ýanyma ylgap geldi. Meni görüp arkaýynlaşdymy nämemi, ol keýpi kök ýüwrüp, çöpleriň, otlaryň içine siňdi. Men onuň yzy bilen garaba-garaba barýaryn. Ol aw awlady. Garnyny doýrup, yzyna gaýtdy. Ony ketegine eltdim welin, dessine uklady.

Gijeler iki-baka gezmeläp ýadansoň, kirpijik başujumda ýatmany çykardy. Menem ol takyr polda ýatmasyn diýip, keçejik düşäp beräýdim. Bir gije ol biynjalyk bolup, wagty bilen uklap bilmedi. Çyrany ýakyp seretsem, bir aýajygy edil aşyk ýaly çişen eken. Ony gapy gapjan eken. Oňa gök derman çaldym, haýry degmedi. Ahyry öz ýarasyna kirpijigiň özi em tapdy. Kakam ilerki düzlükden bir gysym gökje ýüzärlik getiripdi. Ony dalanda, gurasyn diýip goýupdy. Kirpijik şony tapyp, her gün kitirdedip iýýärdi. Ýüzärligi öňünden aýyrsaň welin, tikenlerini syh-syh edip, saňa topulýardy. Gök ýüzärligi üç günläp iýdi welin, onuň ýarasy bitäýdi.

Kirpi sazy gowy görýär diýseler, asla ynanmazdym. Ýöne öz gözüň bilen göreňsoň, bu başga gürrüň. Döwlet agam pianinony çalanda, kirpijik ylgap gelýär-de, polda ýatyp irkilip başlaýar. Ol saza diň salyp, has arkaýyn ýatyp, düýrlenip uka gidýär. Pianinonyň sesi kesilse, kirpijik ýuwaşjadan kellejigini galdyryp, töweregine seredýär. Agam täzeden çalyp başlaýar welin, kirpijik ýene-de uka gidýär. Muny bir-iki sapar synlanymdan soň, kirpiniň hakykatdanam sazy gowy görýändigine göz ýetirdim. Onsoň her gün “kir-kir” diýip, kän gezek kirpini çagyrdym. Kirpem soňabaka “juk-juk” diýip, jogap berip başlady.

Kirpijik del adamy, hatda meniň bilen öýdäkileri hem saýlap başlady. Başga adamlar ony tutjak bolsa hys-hyslap, tikenlerini gataldýardy-da, çalaja dişleýärdi. Gahary gelende onuň tikenleri syh-syh bolup, hüžžerip, gataýardy.

Men kirpini bir gün daşary alyp çykdym. Çöplügiň içinde meniň “kir-kirim” başga bir kirpi bilen sataşdy. Onuň tikenleri örän gaty, özem gara kirli eken. Kirpimi onuň ýanyna goýberdim. Ilki ikisi biri-biri bilen ysgaşdy. Soňra ikisem zigir-zigir ýüwrüşip oýnady. Şondan soň täze goňşy hem biziň öýümizden kän daşa gitmedi. Her sapar “kir-kirimi” daşary alyp çykanymda, şol kirpi peýda bolýardy. Akja kirpijigimi gören dessine şoňa tarap ylgaýardy. Soň-soňlar mazaly garaňky gatlyşanda-da daşarynyň ysyny alyp, çykmak üçin gapyny dyrnajaklaýardy. Daşary goýberseň, basgançakdan gyssanmaç düşýärdi-de, öz kirpi höwrüni gözleýärdi. Ikisi sataşyp, hezil edip oýnaýardy. Ýadansoňam özi öýe dolanyp gelýärdi.

Bir gün ol täsin oýun etdi. Hemme jaýlara ýeke-ýeke girip, gulaklaryny hekgerdip, synlap çykdy. Golaýyna barsamam ol kän bir üns bermedi. Soňra gapyny dyrnaçaklap ugrady. Gijara bolsa-da daşaryk çykaryp goýberdim. Gyzykly kitap okap oturyşyma gijigäýipdir öýdýän. Daşaryk ylgadym, olaryň oýnaýan çöp-çalamlygyna seretdim. Kirpi ýok. “Kir-kir” diýip gygyryp gördüm. Gymyldy-hereket bolmady. Kakam, Jemile dagymyz näçe gözlesek-de tapmadyk. Ýa-ha “kir-kirim” beýleki kirpä sataşyp gidipdir. Ýogsa-da oýna gyzygyp, ara açyp azaşypdyr. Soňam yzyny tapan däldir. Kirpimden gördüm bildim bolmady. Her gün gijara-da, ertirem akja kirpimiň ýoluna garaşyp ýörün. Men oňa gaty öwrenişdim ahyryn. Kirpijigimiň haçanam bolsa yzyna dolanjagyna ynanýaryn.