Tamdyryň tes-tegelek Nanyn gören badyma, Gürrüň berjek hekaýam Düşýär meniň ýadyma. Otur-da sen gulak sal Hekaýama, han ogul.
Gürrüňini etjegim Bir enäniň läligi. Bar gaçgyny işdi oň, Döwmändi bir şänigi. Ejesi has söýýärdi, Adyna Han diýýärdi.
Bir gün diýdi ejesi: – Ot ýygyp gel goýna, Han. Oglan oňa ýaltanyp, Ezip berdi goýna nan. Soň halynyň üstünde Ýatyberdi işlemän.
Olaryňka gelipdi Daýzalary Akjagül. Ol diýdi: – Sen çöregi Mala berme, jan ogul. Beýdiberseň, mele nan Ýetdirmez hiç, han ogul.
Ahmal bolma, ýegenim, Gaty gaçakdyr çörek! – Näçe ýüwrük bolsa-da, Yzyndan ýetsem gerek. Tanamaýaň Hany sen, Ýyndamlaň soltany men!
Şonda böküp tamdyrdan Çykdy bugdaý çöregi. Ine, şoldy Akjagül Daýzanyň hem geregi: – Ýegenjigim ýetewer, Çörek gitdi, tutawer!
Welosipediň tigri dek Tigirlenip gaçdy nan. Köwşün geýip çalasyn, Oň yzyna düşdi Han. Gaçdy, gaçdy, gaçdy nan, Derrew ara açdy nan.
Nan gitdi hiç togtaman, Ýol aýlansa, aýlandy. Handan gaçyp barşyna Oba-ilden saýlandy. Gitdi, uzak gitdi nan, Garadere batdy Han.
Han ýolugra taşlady Güpbüsini-zadyny. Ugry gaçdy oglanyň, Haýallady ädimi. Tigirlenýär ýyndam nan, Menzillerde togtaman.
Gaçdy Hanyň ysgyny, Agram düşdi janyna: – Eňip nirä barýaň? – diýp, Bir at geldi ýanyna. Ol diýdi: – Agyr derdim, Çöregimi giderdim.
Men yzyndan ýetmeli, At dogan, bir kömek et. – Men neneňsi ýeteýin? – Diýýär bakyň oňa at – Ýeterdim men ýet diýseň, Arpa diýseň, ot diýseň.
Otlap ýören bir süri Gelýär assa golaýlap. Han gygyrdy çopana, Ellerini bulaýlap. Çopan Hana gözledi, Han hem şeýle sözledi:
– Men nanymy gaçyrdym, Asyl ýetip bilemok. Ýetmän öýe barmaga Utanýaryn, ýüzüm ýok. Bir garaşyk etsene, Holha barýar, ýetsene!
Bir at çykdy öňümden, “At dost, kömek et” diýdim. “Aýaklaryň ýüwrükdir, Eň yzyndan, ýet” diýdim. “Ýetip bilmen! – diýdi ol. – Nanyň dostun tap! – diýdi. – Ýogsa entek emgegi Görersiň sen köp” – diýdi.
– Nanyň dosty diýdiňmi? – Diýip sorady çopan. – Aramdan gyl geçenok, Gaty belet oňa men. Ýöne welin sen, şepe, Gowy gulak goý gepe!
Al eliňe taýagy, Bak şu süri goýuny. Derrew gidip geleýin, Bilýän onuň öýüni. Bitireýin işiňi, Syr gözüňden ýaşyňy!
Onuň bilen dostlaşsaň, Nana ýetmek kyn bolmaz. Goýunlary bakyber, Soňra sende müýn bolmaz. Öýündemi bileýin, Bolsa alyp geleýin.
– Bolýa, agam, gidiber, Goýnuň bakyp bereýin. Tapylarmyň wadaňda? – Sözüm sözdür, duraýyn. – Çölde galyp bilermiň, Çoluk bolup bilermiň?
– Çoluk däl-de, hol dagdan Daş daşa diý, daşaýyn. Islän ýumşuň buýruber, Näme diýseň men taýyn. Etmez öýtme Hany sen, Tutsam bolýar nany men!
– Han ogul, nan zähmeti Tüýs ýürekden söýýändir. Çopan, çoluk, daýhana Meniň dostum diýýändir. Zähmet çekse, nan bolar, Saçagyňda kän bolar!
Nanyň dosty zähmetdir, Sözlerimden al many. Ýer ýüzünde diňe şol Öndürýändir ak nany!.. – Onda, ynha, çolugyň Hasap edäý sen Hany!