Dawa tapsa, satyn alýan obadan
Bir ýigit barypdyr başga bir ile.
Ol iliňem öz emeli ýetikmiş,
Hormatdamyş onda aldaw hem hile.
Myhman ýigde hezzet-hormat edilip,
Çagyrylypdyr ençe öýe nahara.
Ýigidiň akylyn synap görmäge
Gözlenipdir her öýde bir bahana.
Ine-de bir gezek palawdan soňra
Äpet gawun goýulanda saçaga,
Ýaňky ýigit daýhan endigine görä,
El ýetiren bilindäki pyçaga.
Gyndan sogrulanda polatdan pyçak,
Onuň görki haýran edýär hemmäni.
Eger ony myhman ýigit sataýsa,
Her kim gaýgyrjak däl onlap teňňäni.
Ýöne hile bilen almak höwesi
Ökde çykan dilegden ýa teňňeden.
Dünýäň düzgüni bu: her kim özüni
Akyllydyr öýdýär mydam öňňeden.
Ine, onsoň akyllanşyp ýaňkylar,
Myhman barylanda başga bir öýe,
Dilleşige görä, aldawa görä,
Ýigidiň pyçagna çykanlar eýe.
Olaň biri diýen: – Hormatly myhman,
Gaty görmäň, pyçak meňki bolmaly.
Berjaý etsek atalaryň akylyn,
Tapan begenmeli, tanan almaly...
Beýlekiler oň sözüni tassyklap,
Gygyrşypdyr diýip: – Dogry-da, dogry!
Myhman ýigit ýüzün salyp otyrmyş,
Göýä ele düşen bir kümsük ogry.
Birdenem diýenmiş: - Rastyňy sözle,
Soňky gün ökünip, “Wah!” diýme dogan...
Eýe çykan öz diýenin tutupdyr,
Ol öz diýeninden dänmändir soňam.
“Beýle bolsa, kaza baryp göreliň,
Deň dawada gerek dogruçyl emin.
Eger hak eýesi bolsaň pyçagyň,
Soň yzynda durgun är ýigit kimin!”
Ine, onsoň üýşüp kaza baranlar,
Bar zady bolşy deý aýdyp berenler.
Kazy şonda myhman ýigde ýüzlenip:
Diýenmiş: – Eý, ýigit, sözle rastyň
Aýdyp otyr bir deliliň bar bolsa,
Şaýadyň ýok, seniň tarapyň asgyn.
Ýigit aýdan: – Dogrudanam, eý, kazym,
Bu pyçak meňki däl, bularyňky çyn.
Ahyr haýyrly mal eýesin tapdy,
Indi, kazym, biziň aramyz açgyn.
Men pyçagy öz agamyň böwründen
Sogrup aldym, gözläp ýörün gandarym.
Gana gan almaly ýa deregine hun,
Hergiz ynjalmaryn almasam arym...
Eýe çykanlaryň reňki agaryp,
Ählisi “Wah!” diýip, çekipdir arman.
Myhman ýigit kazyň emrine görä,
Hun alypdyr gan deregne gan alman.
Şeýdibem ol dolanypdyr iline,
Ýüklenip gaýdypdyr tylla teňňeden.
...Dünýäň düzgüni bu: her kes özüni
Danadyryn öýdýär mydam öňňeden.