Gadym wagtda bir patyşa bar eken, Adyl kanunlary çykarýar eken.
“Goý, bagtly ýaşasyn halkym – diýip ol, – Halkyň bagty – meniň bagtym” – diýip ol,
Adyl permanlara gol çekýän eken, Il-günüň derdini şol çekýär eken.
Erbedem däl eken ýurduň ýagdaýy, Ýeterlikmiş halkyň arpa-bugdaýy.
Ýöne welin köşkden uzak bir ýerde, Patyşaň deminden alys şäherde
Bu patyşa garşy adam barmyşyn, Mydam öz ýurduny ýamanlarmyşyn.
Diýýärmişin: “Ýurtda ýok tertip-düzgün, Adyllyk az” diýip, edýärmiş gürrüň.
Ýurtda ili diňleýänler bar eken, Bu habar patyşaň gulagna ýeten.
Muny eşdip, gazap donun geýipdir, “Şol adamy tiz getiriň” diýipdir.
Bes etsin diýp ýurt hakdaky tankydy, Derrew tutup getirenler ýaňkyny.
Şa diýipdir getirlen şol bendäge: “Ýeri, ýigit, aýdyp otyr, sen näme
Ýurdy ýamanlaýaň ýok diýip düzgün, Nirden tapdyň beýle biderek gürrüň?
Il-günüň derdine dermanlarym bar, Meniň adyl-adyl permanlarym bar. “Goý, bagtly ýaşasyn halkym – diýýän men, – Halkyň bagty – meniň bagtym” – diýýän men,
Wezir-wekillere maslahat salyp, Ýaşap ýörüs adyl kanun çykaryp.
Sen bolsa, ýamanlap, abraýymyza şek Ýetirýäň, sözüň diý, jezaňy berjek.
Il içinde kylan söhbetiň üçin, Öldirin men ýalan töhmetiň üçin”.
Ýaňky ýigit edep bilen baş egip, Sözlänmiş patyşaň gaşyna gelip:
“Şahym, seniň adyllygňa sözüm ýok, Seň köşgüňde çyn sözläne ölüm ýok.
Dogrudanam, il derdine ýanýaň sen, Köşgüňde kän adyl kanun ýazýaň sen.
Ýöne welin ýok seň ýurduňda düzgün, Galat däldir meniň aýdýan bu sözüm”.
Şa diýen: “Subut et, getir delile,” Ýigit aýdan: “Onda çykaly ile!
Ikimiz il içre çykaly mundan, Ýöne ýanyňa al çeşme suwundan.”
Şa perman berenmiş: “Bar, gulum! – diýip, – Getir çeşme suwun bir tulum” – diýip.
Ýumuş buýrsaň, ýokdur guluň armany, Ýerne ýeten patyşanyň permany.
Ýigit aýdan: “Şahym, içip gör suwy!” Şa içip, aýdypdyr: “Suw örän gowy!”
“Gitdik onda!” diýip, at sürýär olar, Günortana çenli ýol ýörýär olar.
Şanyň başga şäherine ýetişip, Dynç alýarlar olar atyndan düşüp.
Ýol ýöräp, birneme suwsan eken şa, Şol ýigit tulumdan suw guýup, ynha
Bir jüňňüli şaha uzadýar derrew, Patyşa jüňňüli boşadýar derrew.
“Suw neneňsi?” diýip, ýigit sorapdyr, Şa aýdypdyr: “Suw-a az-kem ýylapdyr”.
Olar ýene ýoly dowam edenler, Başga bir şähere tarap gidenler.
Agşamara başga şäherde düşläp, Tagamly nahardan keýpini kökläp,
Bir jüňňül suw alyp hälki tulumdan, Şa içipdir şol çeşmäniň suwundan.
“Ýeri, neneň?” diýip ýigit sorapdyr, Şa aýdypdyr: “Suw birneme ýognapdyr”.
Üçünji şähere ýetende olar, Ýaňky çeşme suwy gan ýaly bolan.
Indi içer ýaly dälmişin ony, Döküpdirler olar çeşmäň suwuny.
Ýigit aýdan: “Şahym, düşdüňmi?’ – Düşdüm! – Diýipdir şa – Seniň günäňi geçdim!
Köşkde kanun dogry ýazylýan eken, Ýöne ol ýollarda bozulýan eken. Alys welaýata gelip ýetinçä, Ýazylandan iş ýüzüne geçinçä,
Asylky nusgadan derek galmaýar, Bihabar şa köşkde muny aňmaýar.
Köşkde kanun ýazyp, basyrnyp ýatman, Tiz-tizden il içre çykmaly hökman.
Sen jeza däl, şalyk serpaýa laýyk, Özüňem baş wezirlige ylaýyk...
Wezir bilen köşge dolanypdyr şa, Şeýdibem erteki gutardy ynha.