JYNDAN GORKAN BATYR

Awtor: Atamyrat Atabaýew
Illýustrator: Döwlet Akyýew
764
~ 4 min.
 Üç dost otyr:
                  biri Goçy,
Biri Hajy,
                  biri Goçak.
Üçüsi-de batyr olaň,
Oýnaglary gylyç, pyçak.
 
Ilki Hajy,
Soňra Goçak,
Onsoň Goçy öwünýärdi.
Dördünji dost – mollasumak,
“Jyn bar” diýýär öwlüýäde.
 
Sopy atly mollaçar dost
Uýýar dine hem yryma.
Bar zady dine ýanaýar,
Düşünmän dünýäň syryna.
 
Üç batyra diýýär sopy:
“Batyrlygňyz dogry bolsa,
Gije baryp, öwlüýäde
Kim bir gazyk kakyp bilse,
 
Batyrlygna ynanaýyn
Gorkmasa jyndan, eýeden.”
Üç batyr biri-biriniň
Ýüzüne siňňin eseden.
 Soňra üçüsi üç ýerden
Diýýär olar: – Men gideýin.
Batyrlygmy subut edip,
Bu şerti berjaý edeýin.
 
Gazyk bilen çekiç alyp,
Gidýär, ine, Goçak batyr.
Eýmenenok arwah-jyndan,
Diýseler-de, “Eýe bardyr!”
 
Merhumlaryň uklap ýatan
Öwlüýäsine bardy Goçak.
Ses-sellem ýok ümsümlikde
Oýurganyp durdy Goçak.
 
Soň oturyp, çekiç bilen
Gazygy urdy ýere ol.
Biraz gorkýar bu tümlükden,
Batdy çalaja dere ol.
 
Bolsa-da işi bitirip,
Gazygy çüýläp turanda,
Howlukmaç hem howsalaly
Yzyna gadam uranda.
 
Bir zat aslyşdy donundan,
Merhumlarmy syndan çeken?
Eýemi ýa jyn-arwahmy?
“Sopyň diýeni çyn eken”
 Diýen pikir beýnä tarap
Eňende, ýürek ýaryldy.
Goçagyň goçak göwresi
Ýykylyp, guma garyldy.
 
Ertesi baryp görseler,
Demsiz ýatan eken batyr.
Gazygy donuň syýyndan
Bilmän kakan eken batyr.
 
Jyn-arwah däl ýa eýe däl,
Howsala oň janyn alan.
Görüň, dostlar, bizi käte
Niçik hala eltýär ýalan?!
 
Batyrlygňy derekli bir,
Il haýyrly, gerekli bir
Zerur ýerde ulanmaly.
Il-gün bolsa, şir ýürekli
Batyrlarna guwanmaly.
 
Ýogsa bolarsyň masgara
Iliň-günüň öňünde sen.
Ondan, gowsy, öňe çykman,
Busup otur öýüňde sen.