IGDE

Awtor: Atamyrat Atabaýew
Illýustrator: Rahman Rahmanow
824
~ 3 min.
  Bu ýigidiň ady kim?
Diýerler bu ýigde Mämmet!
Oň üýtgeşik lakamy bar,
Oň lakamy – Igdemämmet.
 
Bu üýtgeşik lakam oňa
Galypdyr bolan wakadan.
Ine, oň beren gürrüňi,
Goý, eşitsin her bir adam:
 
Ýapraklary göýä gawun çigidi,
Çap-çal igde tüsseläp dur.
Soňam ol bir gün gülledi,
Güllerniň ysy kükäp dur.
 
Günortanyň yssysynda,
Şol igdäniň tüssesinde
Uklapdyryn juda ýadaw.
Ine, görsem, ullakan döw,
Iki gulagy-da salpy,
Maňlaýynda ýekeje göz,
Topulyp gelýär üstüme,
Menem topuldym dessine.
 
Ilki-hä döw menden gaçdy,
Soň bolsa, men ondan gaçdym.
Ol bir ýapyk gapa girdi,
Ony kelläm bilen açdym.
Gapyň aňyrsy köwekdi
Köwek däl-de bir gowakdy,
Gowagyň içinde bir gyz
Altyn saçyn darap otyr.
Her ýanynda uly bir döw
Gyza syrly garap otyr.
 Birden meni gördi-de gyz,
Turup, bärik geliberdi.
Döwler bolsa kellesine
Bir haltany geýiberdi.
Indi iki sany halta
Men tarapa süýşüp gelýär.
Her haltaň elinde palta,
“Öldüreris!” diýşip gelýär.
 
Gyz bolsa, gyra çekildi,
Menem süýşdüm gyza garşy.
Gyz birden arkan gaýyşdy,
Menem süýşdüm yza garşy.
Iki halta, iki palta,
Iki arwah, iki wagşy
Birden bir guşa öwrüldi,
Gorkup, tasdan däliräpdim.
Gara der bolup oýandym,
Kelläm bir erbet sämäpdir.
 Igdäň aşagynda ýatsaň,
Şeýle bolar güllän wagty.
Oýanyp aglaýanam bar,
Bar olaryň gülýän wagty.
Kimler altyn-kümüş alyp,
Barybir eli boş gelýär.
Igdäň aşagynda sämän
Kelleler soň-soň düzelýär.
 
Öňem sermest ýaş ýigidi
Düýşler az-kem etdi heläk.
Ýapragy meňzäp çigide,
Çal igde otyr tüsseläp.