AWÇY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
475
~ 7 min.

         Bir bar eken, bir ýok eken, bir awçy oglan bar eken. Ol awçy top atyp, balyk tutmak, duzak gurup, guş tutmak we şular ýaly awlar etmek bilen güzeran geçirýän eken. Günleriň birinde ol bir otluk meýdanda birnäçe duzak gurup, özi hem daş-töweregine aýlanyp ýören eken. Bir seretse, onuň guran duzaklaryna üç sany sülgün ýakynlaşyp gelýär. Awçy bolsa ol sülgünleriň duzaga düşjekdigini açyk bilip, uly begenç bilen garaşyp oturan.

         Şol wagt geçip barýan iki sany mollanyň ýoly bu oglanyň guran duzaklarynyň üstünden düşýär. Olar haram-halal meselesiniň üstünde gaty galmagal bilen jedel edişip gelýär ekenler. Awçy olaryň öňünden ylgap çykypdyr-da:

         – Haý, molla agalar, azajyk salym sabyr ediň, meniň duzagyma üç sany sülgün düşjek bolýar – diýip, olaryň azajyk durmagyny köp ýalbaryp, haýyş edipdir. Emma olar:          – Biziň herimize bir sülgün berseň, biz galmagalymyzy goýup, şu ýerde durarys, ýogsam öz ýolumyzdan we gürrüňimizden galmarys – diýipdirler.

         – Meniň doganjyklarym şu awa garaşyp, aç oturandyrlar. Siz munuň ikisini soramaň, men size birini bereýin, meni üçden birine işleýän hataryna goşmaň – diýip ýalbarypdyr. Emma mollalar onuň bu haýyşyny kabul etmändirler.

         Olar:

         – Herimize birini bermeseň, galmagalamyzy goýmarys – diýip, öňki jedelleri bilen ýollaryna ýöräp başlapdyrlar.

         Awçy edere alaç tapman:

         – Duruň, onda siziň aýdanyňyz bolsun – diýipdir.

         Olar biraz garaşypdyrlar. Awçynyň duzaklaryna üç sany sülgün düşüpdir. Awçy olara ikisini berip, birini hem özi alypdyr. Mollalar sülgüni alyp ugraberipdirler welin, awçy olara:

         – Alan sülgünleriňize derek bir ýadygärlik berip gidiň – diýen.

         Onda mollalaryň biri:

         – Mutannet sözüni pugta belle, şol ýadygärlik bolar – diýen. Awçy:

         – Mutannediň manysy näme? – diýende, molla:

         – Mutannet sözüniň manysy erkek hem däl, urkaçy hem däl diýmek – diýipdir.

         Awçy bu sözi pugta belläp, içinden olara gargap galyberipdir.

         Günleriň birinde awçy derýa tor atypdyr. Onuň toruna örän owadan bir gyzyl balyk düşüpdir. Awçynyň toruna heniz bular ýaly balyk düşmändir. Awçy ol balygy, patyşaga ýaraşykly bilip, ony ýurduň şasyna sowgat edipdir.

         Bu balyk patyşanyň göwnüne ýarap, awça bir goşawuç tylla beripdir. Awçy tyllany alyp, daşaryk çykýar welin, wezir:

         – Patyşam, her bir balyk getirene munça tylla berseň, hazynaň tiz boşar – diýýär.

         Patyşa:

         – Näme bolsa-da, bu gezek gitdi, beýle bolsa, indi gelene bermerisem-dä! – diýen.

         Wezir:

         – Muňa berdiňiz, indikä-de bermeli bolarsyňyz, ýöne ýaňky beren tyllaňyzy gaýtaryp almak gerek – diýen.

         Patyşa:

         – Berlen zady nädip almak bolar? Ony “Yzyna gaýtaryp ber” diýmek patyşalyga ýaraşykly däl ahyry – diýen.

         Wezir:

         – Men onuň hilesini tapyp, ýaňky beren puluňyzy alyp galaryn – diýipdir.

         Patyşa:

         – Zorluk ulanman, başga nähili emel bilen alyp bilseň, alyp gel – diýipdir.

         Wezir:

         – Ýaňky getiren balygyň erkek bolsa urkaçysyny, urkaçy bolsa erkegini getir, bolmasa derde ýaramaýar, ony hem alyp git diýerin – diýipdir.

         Şol pikir bilen patyşadan rugsat alyp, balykçynyň yzyndan ýetipdir-de:

         – Awçy, balygyň erkekmi ýa-da urkaçy? – diýip sorapdyr.

         Awçy:

         – Balygym mutannet – diýip jogap beripdir.

         Wezir:

         – Mutannediň näme? – diýip sorapdyr.

         Awçy:

         – Mutannedim: erkek hem däl, urkaçy hem – diýipdir.

         Wezir diýere başga gep tapman:

         – Beýle bolsa, gidiber onda – diýipdir-de, ümsüm yzyna gaýdyberipdir.