BEDENEDEN ALDANAN TILKI

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Rahman Rahmanow
864
~ 7 min.

Gadymy eýýämde bir bedene bilen bir tilki dost bolan. Bular köp wagt bile ýaşap gelenler. Günleriň bir gününde tilki bedenä:

– Eý, bedene dost, sen meni bir doýur, bir güldür, bir hem gorkuz – diýen. Bedene hem munuň sözüni kabul eden.

Bir gün bir topar gyz biriniň gudasyna döş alyp barýanlar. Muny ýaňky ýorgaja bedenejik görýär. Soň bu bedene gelip ýoldaşy tilkä:

– Bir topar gyz bir döş alyp barýar. Gel bir hile edeli; sen şol gyzlaryň yzyna düş-de git, men hem öň ýanlaryndan uçup bilmeýän kişi bolup ýorgalap gaçaýyn. Şol wagt gyzlar meni tutjak bolup, ellerindäki döşlerini ýere goýup kowalarlar. Sen-de wagtdan peýdalanyp, döşi alyp gaçarsyň – diýýär we gyzlaryň öňüne düşüp gidiberýär. Gyzlar muny görüp, bir-birine “bedene bar-da – bedene bar” diýişýärler.

Bedene hem gyzlaryň öňünde ganatlaryny ýaýradyp, uçup bilmeýän kişi bolup pasyrdap-pasyrdap gidiberýär.

Gyzlar “uçup bilenok” diýip, yzyna düşüp kowalaýarlar. Şol baryşlaryna gyzlar häli tutarys, şindi tutarys bilen kellelerini gyzdyryp, döşi ýere goýup kowalaýarlar. Gyzlaryň yzyndan ogrynça ýaltaklap gelýän tilkijik döşi alyp göterýär. Oňa çenli bedene hem uçýar. Gyzlaryň, döşi gözläp, sermenenleri bilen biziň işimiz ýok. Biraz wagtdan bedene tilkiniň ýanyna gelip:

– Ýeri, tilki dost, doýduňmy? – diýýär.

– Doýdum, onda-da ýagşy doýdum.

– Onuň ýaly bolsa, indi bir güldürip, bir hem gorkuzmam galdy-da.

– Hawa – diýip, tilki jogap berýär.

Günleriň bir gününde bir-iki öýjagazyň ýanynda bir aýal çäkmen dokajak bolup, şonuň gazygyny kakmaga eli tokmakly oturan. Başga bir aýal hem onuň küjisini alyp berjek bolup janynda oturan eken.

Ýaňky bedene bilen tilki bu aýallary görensoňlar, ýol ýöräp baryşalaryna birden durýarlar.

Bedenejik ýaňky küji alyp berjek bolup oturan aýalyň başyna gonýar. Eli tokmakly aýal hem: “Wi, başyňa bedene gondy janym!” diýip, tokmagyny bulaýar. Şol wagtda bedene uçýar, ol tokmagyň ýelginine hälki aýal ýykylýar.

Tilki bedenäniň bu işine gülýär. Tokmak degmänkä onuň ýelgininden ýykylyp, pasyrdap ýatan aýal bilen biziň işimiz ýok.

Biraz wagtdan soň bedene bilen tilki ýene bir-birlerine sataşýarlar. Bedene tilkiden:

– Tilki dost, ine bu hem güldürenim, öň hem doýurdym, indi bir gorkuzmak galdymy? – diýip soraýar.

Tilki hem:

– Hawa, indi meni bir gorkuz!

– Sen gözüňi ýum-da, meniň yzyma düş. Men bidi-bidi bedene, büdrär gider bedene diýer gider oturaryn. Men tä gözüňi aç diýene çenli sen gözüňi açma – diýýär. We şol karar bilen hem bular gidiberýärler. Bir wagtdan bedene tilkä “gözüňi aç” diýýär. Tilki gözüni birden açýar, görse dumly-duşundan atly çozup gelýär. Tilki gaçmaga başlaýar, atlylar hem tilkiniň yzyna düşüberýärler. Bular häli aldym-da, şindi aldym bolup, ahyrda tilkiniň yzyndan galýarlar. Atlylaryň toý atlysy bolmagy bilen biziň işimiz ýok.

Bir wagtdan bedene tilkiniň ýanyna barýar. Tilki atlylardan gaçyp ýadany bilen heniz demini düzmändi. Ol bedenäni iýjek bolýar. Onda bedene:

– Mende hiç bir ýazyk ýok, men seniň aýdanyňy edip gorkuzdym – diýýär.

– Gorkuz diýilende, heýde şeýle gorkuzmak bolarmy? Sen meniň ýüregimi ýardyň-la – diýip, tilki gaharlanyp barşyna, birden bedenäni agzyna alýar. Ol:

– Indi seni iýmesem bolmaz – diýip, bedenäni gysyp öldürip barýar.

Şol wagtda bedene tilkä:

– Indi sen meni iýjek bolsaň, öň her zatda bolsa, biz ýagşy dostduk, şondan bäri hem bir-birimizi şu güne çenli oňat tanamaýardyk. Indi bolsa meniň ölümimiň öň ýanynda bir-birimizi tanap galaly. Men-ä mangyt ülkesinden bolaryn, sen nirelisiň? – diýdi. Tilki hem:

– Heý-de mangyt diýen ülke bolarmy? – diýip, ýaňy agzyny açypdy weli, birden bedene onuň agzyndan uçup gaçýar. Tilki bolsa, öz-özüne dodagyny çöwürip, başyny silkip galýar. Bedene bolsa göge uçan, soň biraz wagt tilkiniň başynyň üstünde ganat kakyp durup, ahyrda tilkiniň gulajygynyň üstüne tüýkürip gidýär.