KELIŇ TALABAN DURŞY

Awtor: Halk Ertekisi
Illýustrator: Maýa Lallykowa
815
~ 14 min.

Bir bar ekeni, bir ýok ekeni, bir garybyň üç ogly bar ekeni. Garybyň kiçi ogly kel ekeni. Garyp kesel bolýar, kesel bolan wagtynda, ony çagyryp aýdýar:

– Men ölen wagtym, gizläp goýan gaznamy alarsyň oglym – diýýär.

Ortanjy oglyny çagyryp, oňa-da şol gaznany aýdýar.

Uly oglyna hem şol gaznany aýdýar. Soň bir wagt ölýär.

Bular atasyndan galan zatlaryny sowup gutarýarlar. Soňra şol gaznany alýarlar. Bu mallary hem üçisi paýlaşýar, emma kele az berip, öziniň-de öýini aýryp kowýarlar.

Kel bolsa soň baryp bir baýa talaban bolýar. Keliň ýanynda ýoldaşy bar ekeni. Ýoldaşy kele aýdýar:

 – Hemme kişi on tümen berip, peri görýärler – diýýär.

Kel ýoldaşyna:

– Seniň on tümeniň barmy? – diýip soraýar. Keliň ýoldaşy:

– Meniň bir gyranymam ýok – diýýär.

Kel soňra talaban duran baýyndan “bir gyran ber” diýip, hakynyň ujyndan bir gyran karz alýar.

Ol bir gyran alan soň, ýoldaşy bilen ikisi perini görmäge ýola düşýärler.

Gidip barýarkalar öňlerinden bir çopan çykýar. Kel çopana:

– Ikimiziň aramyzda bir gyranymyz bar, sen bize iýer ýaly bir kiçijik owlak ber, üç gün boldy biz hiç duz dadamzok – diýýär.

Çopan keliň bir gyranyny alyp, bir kiçijik owlak berýär.

Kel bilen ýoldaşy alan owlaklaryny süriniň daşyna bir gezek aýlap getrip, çopana aýdýarlar:

– Çopan, owlak kiçi, biz bolsa bäş adam, sen bize ulyrak tokly ber, biziň saňa beren bir gyranymyzam öziňde galsyn, bu owlagy hem saňa bereli – diýýärler.

Çopan pikirlenip:

– Bir gyran meňki, bir owlak hem meňki bolýar – diýip, bulara ulyrak tokly berýär.

Kelje bilen ýoldaşy toklyny süriň daşyna aýlap getirip, çopana aýdýarlar:

– Munyň hem kiçi,  biz bolsa ýigrimi adam, onuň üçin ol bir gyran, owlak, bu tokly hem seňki bolsun, bize ýeter ýaly ulyrak bir geçi ber – diýýärler.

Çopan bulara bir uly geçi berip goýberýär. Bular geçini süriň daşyna aýlap getirip, çopana aýdýarlar:

– Bu geçi bize az boljak. Bir gyran, owlak, tokly, bu geçi bularyň hemmesi seňki bolsun, ýöne bularyň hemmesi üçin sen bize uly goýun ber – diýýär.

Çopan:

– Meniň zadym köp boljak – diýip, bulara süriň içinden bir uly gök goçy saýlap berip goýberýär.

Çopan soň köp pikir edip, alan zatlaryny hasaplasa, bir gyran çykýar.

Kel bilen ýoldaşy goçy alyp, perini görmek üçin gidip barýarlar. Bular öýlänler periň bolýan ýeriniň bäri ýanyna baryp, goçyň dört aýagyny güýlüp, her haýsy bir ýanyndan ýüňinden çekelemäge durýarlar.

Bularyň goçyň ýüňini çekeläp duruşy periň gözine ilip, ýanyndaky hyzmatçysyna:

– Bar sen olary gör, olar goýny näme edýärler – diýýär.

Periň hyzmatçysy gelip:

– Näme goýny beýle edýärsiňiz? – diýýär.

Bular:

– Biz goýny soýýarys – diýip aýdýarlar. Periň hyzmatçysy baryp, perä:

– Biz goýny soýýarys diýýärler – diýip aýdýar.

Peri:

– Mundan goýun soýdyk bolmaz, sen baryp, soýup ber – diýýär.

Periň hyzmatçysy baryp, bularyň goýunlaryny soýup berýär.

Bular periň hyzmatçysyna:

– Sen bize bir gazan tapyp ber, bolmasa biz bişirip, iýip bilmeris – diýýärler.

Periň hyzmatçysy aýal bulara gazan tapyp berip periň ýanyna gelýär.

Bular gazany tersine düňderip, eti gazanyň üstine üýşürip, üstinden bedreläp suw guýup, gazanyň töweregini köl ýaly edýärler. Periň gözi bulara düşüp, hyzmatçysyna:

– Bar sen olara bişirmäni öwret – diýýär.

Periň hyzmatçysy gelip bulara nähili bişirmelidigini öwredip, ot ýakyp berip gidýär.

Bular eti bişirip her haýsy eti bir ýana zyňýarlar, periň bulara ýene gözi düşüp hyzmatçysyny iberýär.

Hyzmatçy bulaň ýanyna gelip:

– Eti näme edýärsiňiz – diýip soraýar.

Bular:

– Iýýäris – diýip aýdýarlar.

Ondan soň, periň hyzmatçysy bularyň birini öňine alyp agzyna et tutup berýär. Onda beýlekisi:

–  Waý maňa-da iýdir – diýip, aglamaga başlaýar. Soň periň hyzmatçysy, periň ýanyna gelip:

– Bular iýmäni hem bilmeýän ekenler – diýýär.

Soňra peri hyzmatçysy bilen bile gelip, bularyň her haýsy birini goltugyna alyp, bulara et iýdirýärler.

Bular periden ýatmaga jaý soraýarlar.

– Biziň ýatara ýerimiz ýok, sen bize bir gijelik ýer tapyp ber — diýýärler.

Peri bulary öz tamyna eltip ýatyrýar. Bular ýatman, tamda böküşip ýörýärler. Peri gelip:

– Ýatyň – diýýär.

Bular:

– Biziň şu ýatdygymyz – diýýärler.

Periň hyzmatçysy bilen özi her haýsy birini goltugyna alyp ýatýarlar.

Bularyň biri peri bilen biri bolsa periň hyzmatçysy bilen aýşy-aşrat sürýärler…

Kelje ertir daň bilen turup, daşary çykyp, her gulagyna bir eliniň süýem barmagyny pugta dykyp:

– Allow, hökber, allow..! – diýip, sogduryp bogazyna sygdygyny gygyrýar.

Peri munyň sesini eşidip:

Goý gygyrma, sen bizi ile masgara edip, öldürdersiň – diýýär.

Ol:

– Ýok, men namazymy ryýa etjek däl, namaz wagtym geçip barýar – diýip, ýene gygyrýar.

Peri:

– Näme diýseň bereýin – diýse-de etmän ýene gygyryp başlaýar.

Ýoldaşy bolsa içerde:

– Ol namazyny ölse-de hergiz geçirýän däldir – diýip, ýoldaşynyň sözini tassyklan.

Peri ýanyna gelip:

– Goý, sen gygyrma, ikiňiz göterip bilen gyzylyňyzy alyň – diýenden soň sesini goýýar.

Bular ikisi göterip bilen gyzyllaryny alyp, öýlerine gaýdanlar.

Kel talaban duran ýerine gelende baý:

– Sen bular ýaly gyzyly nirden aldyň? – diýip soraýar.

Kel:

– Men gyzyly peri zatdan aldym – diýýär.

Baý kele:

– Sen meniň talabanym, onyň üçinem sen näme gazansaň meňki bolmaly – diýip, keliň hemme gyzylyny alýar.

Keliň ýoldaşy bolsa öz öýine gaýdýar. Kel baýa:

– Sen meň gyzylymy aldyň – diýýar.

Baý:

– Sen meniň gol asdymda işleýärsiň, onuň üçin men seni näme etsem ederin – diýýär.

Kel baýyň zulmyna çydaman, başga bir baýa talaban durýar.

Baý ýene kele günde dört – bäş gezek baryp:

– Sen menden alan bir gyran karyz pulyňy ber – diýýär.

Kel muňa çydaman:

– Indi gelse, “kel öldi” diýip, aýdyň – diýip, talaban ýerine aýdýar.

Baý ýene gelip, “hany kel” diýse, olar hem:

– Kel öldi – diýýärler.

Baý:

– Hany oň maslygyny beriň, ol pahyr oňatdy, men öz elim bilen jaýlajak – diýýärde, muny alyp gidýär.

Keliň aşagyna gyzgan goýup, keli gyzgyn suw bilen ýuwýar. Kel muňa çydap, dişlerini gysyp, sesini çykarman ýatýar. Baý keli alyp, gömmäge öwliýä elten ýerinde:

– Wah, bir gyranym köýdi – diýip jowranýar. Baý birden pikirlenip öz-özine aýdýar:

– Şu kel janly bolmasyn, men şuny gömmän şu öwliýäň kümmedinde bir näçe gün saklaýyn – diýip, kümmediň bir burçynda gizlenýär.

Bu öwliýäň kümmediniň içi kyrk sany garakçynyň hemişe belleşikli ýerleri ekeni. Bu sapar hem garakçylar öz oljalap gelen zatlaryny şonda paýlaşypdyrlar welin, bir gylyçlary artyk galyp, ony hem haýsy biri aljagyny bilmän dawalaşyp durkalar, birden biri öwliýäň içine gözini aýlasa, keliň meýdine gözi düşüpdir. Ol ýoldaşlaryna baka:

– Holha, bir bende giçden soň ýaňy ölüpdir, gijä galyp, ony gömüp bilmän ertire goýupdyrlar, kimde-kim şu gylyjy şoňa salyp, gylyjy aşak geçirse, gylyjy şol almaly – diýýär.

Başgalary:

– Bolýar-da bolýa – bolup, keliň ýanyna gelseler, kel hem:

– Diriden öli kändir – diýip, ýatan ýerinden zöwwe turup, ogrylary kowalaýar. Ogrylar bar zatlaryny taşlap gaçýarlar.

Keli saklap oturan baý begenjine:

– Kel janly ekeni, men mundan bir gyranymy alaýyn – diýip, keliň ýanyna gelip:

–  Bir gyranymy, şu ýatan ýeriňden galman ber – diýip, gygyrýar hem dyzaýar.

Edil şol wagt, garakçylardan biri batyrsyrap, “men öwliýäni barlaryn” diýip, ýuwaşlyk bilen gelip, kümmediň deşiginden kellesini sokan, olam edil keliň alkymyna düşüp, kel onuň başyndan telpegini sypyryp alyp, baýyň öňine oklap:

– Al, seniň bir gyranyň – diýip, gygyran.

Deşikden boýnyny uzadan batyr garakçy başy ýalaňaç yzyna baka ökjäni göteren.

Garakçy ýoldaşlarynyň ýanyna gaçyp baryp:

– Gardaşlar gaçyň, bize 300 tümenden ýeten bolsa, bulara bir gyrandan hem ýetenok. Birine bir gyran ýetmän, gykylyk edip duran eken, oňa-da meniň telpegimi berdiler – diýip gaçýar. Baý keli we ogrylardan galan zady ýene öýine getirip, golynyň astynda ýaşadyp ýörýär.